Wahyt Orazsähedowyň çykyş edýän «Istiklol» topary Täjigistanyň futbol çempionatynda öňdäki orny eýeleýär.

Milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň çykyş edýän «Istiklol» topary Täjigistanyň futbol çempionatynda yzda galan iki  aýlawdan soň ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär.

Ildeşimiziň topary geçirilen dokuz tapgyrdan soň 25 utuk toplamagyň hötdesinden geldi. Geçirilen duşuşyklarda Wahyt Orazsähedowyň dört gezek tapawutlanandygyny bellemek gerek.

Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Hujand» (19 utuk) bilen «Hatlon» (18 utuk) toparlary ornaşdylar.