3-nji awgustda Özbegistanyň futbol jemgyýetiniň wekilleri üýşüp maslahat etdiler. Maslahatda Superliganyň birinji aýlawyny Daşkent şäherindäki we welaýatdaky stadionlarda merkezleşdirilen görnüşde geçirmek kararyna gelindi.

Çempionatda ýaryşýan 14 toparyň esasy düzümleri otly, U-21 toparlary bolsa sintetiki örtükli meýdanlarda oýnarlar.

Täze düzülen rejenama görä, türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradowyň wekilçilik edýän «Bunýodkory» 9-njy tapgyryň duşuşygyny 14-nji awgustda «Buhoro» bilen geçirer. 17-nji awgustda başlanjak 10-njy tapgyrda şol gün Arslanmyrat Amanowyň AGMK-si türkmenistanly ýarym goragçynyň ozalky topary «Lokomotiw» bilen duşuşar. Şeýle hem şol gün «Bunýodkor» «Metallurgy» kabul eder.

18-nji awgustda ildeşimiz Didar Durdyýewiň çykyş edýän «Maşaly» «Andijon», Wezirgeldi Ylýasowdyr Abdy Bäşimowyň «Kyzylkumy» «Buhoro» bilen duşuşar.

Superliganyň birinji aýlawy 29-njy awgustda tamamlanar. Ähli toparlaryň 14-nji awgustdan ozal Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.