Özbegistanyň futbol toparlary 8 ýyllyk arakesmeden soňra AFK-nyň kubogyna dolandy.

«Championat.asianyň» habaryna görä, indiki ýyl ýa ýurduň Kubogynyň eýesi, ýa-da çempionatda ikinji orny eýelän topar AFK-nyň kubogynda ýaryşar. Onuň haýsy topar boljakdygy Kubogy eýelän özbek toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşlaryndaky netijelerine bagly bolup biler. Eger ol Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilse, AFK-nyň kubogyna ikinji orundaky topar goşular. Eger gatnaşyp bilmese, Kubogyň eýesi AFK-nyň kubogyna gelip goşular.

Özbek topary Merkezi zolakda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň toparlary bilen ýaryşar.​ ​ ​

Belläp geçsek, 2011-nji ýylyñ AFC-nyñ kubogyna Özbegistanyñ “Nasaf” futbol topary eýeläpdi. Şol arzyly kubogy Nasafyñ hatarynda kubogy galdyrynan ilkiji Türkmen futbolçysy Artur Geworkýanyñ hem bardygyny uly buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.