Ispaniýanyň Real Betis futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesine Manuel Pellegrini bellenildi. Bu Çilili hünärmen bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşyldy.

Manuel Pellegrini Real Madrid, Mançester Siti ýaly klublarda tälim berdi. Onuň soňky iş ýeri West Hem boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Betisiň 41 utuk bilen La Liga çempionatda 13-nji orunda durýandygyny bellemelidiris.