Angliýanyň Premýer ligasynyň resmi saýty tamamlanan möwsümiň iň gowy oýunçysy bolmaga dalaşgärleri görkezdi.

Sanawa soňky ýylyň 30 ýylyň içinde ilkinji gezek «Liwerpuldan» üç futbolçy girizildi. Oňa derek çempionaty ikinji orunda tamamlan «Mançester Sitiden» bolsa bir futbolçy girip bildi.

Has takygy, dalaşgärleriň sanawy şeýle:

Trent Aleksander-Arnold, Jordan Henderson, Sadio Mane (ählisi ― «Liwerpul»), Kewin De Brýuýne («Mançester Siti»), Denni Ings («Sautgempton»), Nik Poup («Býornli»), Jeými Wardi («Lester Siti»).