Ispaniýadaky Real Madrid La Ligada Ramosyň goly bilen Atletik Bilbaony 1-0 hasabynda ýeňdi we iň ýakyn yzarlaýjysy Barselona bilen hasap tapawudyny ýene 7-ä ýetirdi.

Birinji ýarymda 0-0 hasabynda deňme-deň oýnan Real Madrid, ikinji ýarymyň 72-nji minutynda Serjio Ramosyň jerime urgusy bilen 3 oçko toplady.

Real Madridiň 34 ýaşly kapitany Ramos soňky 20 jerime urgusynyň hemmesini saldy. Ramos, 2018-nji ýylyň 9-njy maýynda Sewilýa bilen geçirilen oýunda jerime urgusyny geçirip bilmandi.

La Liganyň tamamlanmagyna 4 hepde galanda 77 oçko bilen liderligini güýçlendiren Real Madrid çempionlyga bir ädim ýakynlaşdy.