Rejepmyrat Agabaýew
Rejepmyrat Agabaýew

1999 ― 2008-nji ýyllar aralygynda Gazagystanda «Kaýrat», «Atyrau», «Ýesil Bogatyr», «Kaspiý» ýaly toparlarynda futbol oýnap, 146 duşuşykda 60 gezek tapawutlanan türkmenistanly hünärmen Rejepmyrat Agabaýew Premýer-Liga ýene-de dolanyp bardy.

«Kaz Football.kz» saýtynyň habar berşi ýaly, ol ýakynda «Okžetpes» toparynda işe başlady. Rejepmyrat Agabaýew bu ýerde baş tälimçi Andreý Karpowiçiň kömekçisi bolup işlär.

«Okžetpes» gazak çempionatynyň geçen möwsümini 40 utuk bilen 7-nji orunda tamamlapdy. Topar häzir Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.