Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň AGMK toparynyň düzümine goşuldy. Almalyk şäheriniň topary şu gün resmi saýtynda türkmenistanly ýarym goragçy bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Bu habary «Welcome, Arslanmyrat Amanow!» diýen ýazgyly surat bilen ýerleşdirilen topar tejribeli futbolçynyň täze möwsümdäki üstünliklere goşant goşup biljekdigine tüýs ýürekden ynanýar.

Arslanmyrat Amanow bu toparyň düzüminde 2015 ― 2016-njy ýyllarda hem futbol oýnapdy. Şeýle hem ol dürli ýyllarda Özbegistanyň «Buhoro» we «Lokomotiw» toparlarynda çykyş etdi.