Gazagystanyñ “Şahter” futbol kluby, Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ  ýarym goragçysy Ruslan Mingazow bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyñ resmi Instagram sahypasy habar berýär.

28 ýaşly futbolçynyň iñ soňky oýnan kluby Pawlodaryñ “Irtyş” topary bolupdy. Ruslan professional karýerasyna Aşgabadyñ ady bir “Aşgabat” klubynda başlap, Türkmenistanyň çempiony we Super kubogynyň eýesi boldy.

Mingazow 2009-njy ýylda  Latwiýanyñ “Riga Skonta” futbol toparyna geçdi we alty möwsüm oýnap, ýurduň çempiony, iki gezek kümüş medal gazanan, Latwiýa çempionatynda we Latwiýa kubogynda üç gezek bürünç medallaryň eýesi boldy.

2014-nji ýylda Çehiýanyň “Jablonec” toparyna geçip, çempionatyñ bürünç medalyny gazandy we iki gezek Çehiýanyñ kubogynyň finalyna çykdy. Iki ýyldan soňra Çehiýanyñ “Slawiýa Praga” toparyna goşuldy we 2016/17 Çehiýanyň çempiony boldy. 2017/2018 möwsümini “Mlada Boleslaw” toparynda çykyş etdi.