zlatan
the king of milan

Şwesiýaly dünýä meşhur futbol ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç Italiýanyň «Milan» kluby bilen şertnama gol çekdi. Futbolçynyň şertnamasy alty aýlyk bolar.

Bu barada «Milan» özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Iň soňky gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Los Anželes Gelaksi» toparynda çykyş eden ýyldyz Zlatan Ibrahimowiç «Milanda» mundan öň 2010 ― 2012-nji ýyllar aralygynda hem futbol oýnapdy. Ol Ýewropada «Barselona», PSŽ, «Mançester Ýunaýted» ýaly toparlaryň hem köýnekçesini geýdi.