“Zenit” toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy.

Eýranly oýunçy jemi 17 pökgi geçirdi (1 penalti). Onuň topardaşy Artýom Dzyuba hem şonça gol geçirmegi başardy, emma Russiýaly hüjümçiniñ penalti urgudan 7 goly bar.

Netijede, Azmun karýerasynda ilkinji gezek RPL-iň iň köp pökgi geçiren oýunçysy diýlip saýlandy.

28 oýunda 15 pökgi geçiren “Arsenalyň” (Tula) hüjümçisi Ýewgeniý Lutsenko, iñ köp gol geçirenleriñ hatarynda üçünji ýeri eýeledi.

Biziň goñşy doganlyk döwletimiz bolan Özbegistanly Eldor Şomurodow 11 pökgi bilen iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda 7-nji orny eýeledi.