Russiýada stadionda ýeke özi türgenleşip duran 16 ýaşly derwezeçini ýyldyrym çakdy. Derwezeçi Iwan Zabarowskow agyr ýaralandy. “Znamýa truda” futbol klubynyň derwezeçisinde bolup geçen şol elhenç pursatlar stadiondaky howpsuzlyk kameralary tarapyndan ýazga alyndy.

Iwan Zabarowskow Tiz kömek ulagy bilen öz wagtynda hassahana äkildi we howp astyndan aman galdyryldy.

Hünärmenler ýyldyrym çakmagyny ýaş derwezeçiniň monjugy bilen baglanyşdyrýarlar.