Eziz Diýarymyzda zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Onda biziň welaýatymyzdan hem dürli kärlerde işleýänler ýeňiji boldular. Biz hem hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna eýe bolan Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylary, aýdymçylar Mekan, Meýlis Jumaýewler bilen söhbetdeş bolduk.

— Meýlis, Mekan, ilki bilen-ä, bu gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýarys. Goý, ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun! Biz söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelşiňiz bilen başlaýalyň!

— Sag boluň! Bizde aýdym aýtmaga, saz çalmaga höwes kiçilikden bäri bar. Sebäbi biz sungat maşgalasynda, aýdym-sazyň içinde ulaldyk. Maşgalamyz aýdym-saza hormat goýýan adamlar. Ejem aýdym aýtmagy, kakam gitarada saz çalmagy halaýar. Türkmenistanyň at gazanan sazandasy Durnazar Hudaýberenow hem biziň babamyz.
Biz ilki orta mekdepde 3-nji synpda okaýarkak etrabymyzdaky babamyň adyny göterýän Durnazar Hudaýberenow adyndaky sazçylyk mekdebine gatnap başladyk. Ol ýerde dutar saz guraly boýunça sapak aldyk. Biz çagalar sungat mekdeplerinde Watan, tebigat hakynda aýdymlary aýdýardyk. Soňra orta mekdebi tamamlap, 2006-njy ýylda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdik. Şol ýerden hem aýdym-sazyň içine aralaşdyk. Biziň aýdym-saza ugrukmagymyza ejem-kakamyň yhlasy sebäp boldy. Olar hemişe bizi goldap, degerli maslahatlary berip durulýar.

— Meýlis, Mekan sizi halk köpçüligi esasan söýgi aýdymlaryňyz bilen tanaýar. Haýsy aýdymlaryňyz size meşhurlyk getirdi?

— Hawa, biz esasy söýgi aýdymlaryny ýerine ýetirýäris. 2007-nji ýylda “Söýdüm seni” atly ilkinji şekilli aýdymymyzy çykardyk. Bu aýdymy üç dogan—Mukam, Mekan, Meýlis Jumaýewler bolup ýerine ýetirdik. Şeýle hem şol wagtlar “Arzuwlar”, “Seýran edeli” aýdymlaryny Meýlis bilen ýerine ýetiripdik. “Söýýä-söýenok”, “Daşdyr ara”, “Durýar ýürek” aýdymlary halk köpçüligi tarapyndan has köp diňlenildi. Bu aýdymlar hem bize meşhurlyk getirdi diýip pikir edýäris.

— Siziň aýdymlaryňyzy “Türkmen owazy” teleýaýlymynda hem yzygiderli görmek bolýar. Munuň özi hem halka özüňi tanatmaga giň mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu teleýaýlymda goýberilýän filmlerde hem siziň ýerine ýetirýän keşpleriňiz bar. Bu size nähili täsir etdi?

— Hawa, hakykatdan hem “Türkmen owazy” teleýaýlymy ýaş aýdymçylara şekilli aýdymlaryny görkezmäge, halkyň söýgüsini gazanmaga giň mümkinçilik berýär.
Bize kino düşmek teklip edilende ikimiz hem diýseň begenipdik. Ilkinji düşenimiz “Täze ýyl otlusy” atly kinofilmdi. Şondan soň täze ýyl kinofilmlerinde kino düşüp başladyk. Bu bolsa aýdym-saz sungatynyň içine has-da girmegimize, höwesimiziň artmagyna sebäp boldy.

— Ekizler, gazanan üstünligiňiz barada aýdaýsaňyz?

— Gazanan üstünligimiz barada aýtsak, bu bize “Garaşylmadyk sowgat” diýen ýaly boldy. “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, biziň aýdymlarymyz Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda şowlulyk getirdi. Has takygy, biz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolduk. Bu hem biziň has-da yhlasly işlemegimize itergi berdi. Dogrusy, biz muňa garaşmandyk. Bäsleşigiň ýeňijisi diýlende biz şeýle bir begenipdik.
Bilşiňiz ýaly, aýdymlarymyzy hemişe iki dogan bolup ýerine ýetirýäris. Ýeňiji bolmagymyzyň sebäbini hem ikimiziň agzybirlikde alyp barýan işimizde görýäris. Agzybirlikli çekilen zähmet hem öz miwesini eçilýär.

— Mekan, Meýlis, söhbetdeşligimiziň dowamynda özüňiziň geljekki maksatlaryňyz dogrusynda hem durup geçäýseňiz?!

— Geljekki maksatlarymyz barada aýtsak, häzirki wagtda täze aýdymlaryň üstünde işleýäris. Ony ýakyn wagtda halk köpçüligine şekilli aýdym görnüşinde ýetirmegi, muşdaklarymyzy täze aýdymlarymyz bilen begendirip durmagy maksat edinýäris.

— Doganlar, söhbetdeşligimiziň ahyrynda öz ýürek buýsanjyňyzy okyjylarymyza ýetiräýseňiz…

— Eziz Diýarymyzda aýdym-saza belent sarpa goýulýar. Munuň başynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary dur. Medeniýete, sungata sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun! Watanymyzda aýdym-sazyň owazy belentden-belent ýaňlansyn!

— Mekan, Meýlis, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size mundan beýläk hem sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!