Şu günler Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän “Şagadam” bu ýerde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny oýnady. Tbilisiniň (Gruziýa) “Lokomotiw” topary bilen duşuşan “Şagadam” 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnady.
Täze möwsüme Antalýada taýýarlanýan “Şagadamyň” öňünde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birnäçesi bar. Topar Belarusyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekilleri bilen hem ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.
“Şagadam” Ýokary liganyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 7-nji martda öz meýdanynda “Aşgabat” bilen geçirer.