Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi bolan Türkmenbaşy şäheriniñ “Şagadam” futbol topary täze möwsüme taýýarlyklaryny Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda dowam eder. Düzümini ýaş futbolçylaryň birnäçesi bilen güýçlendirýän “Şagadamyň” bu ýerde geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlarynyň eýýäm käbiri belli bolýar.
“Pressbol.by” neşiriniň ýazmagyna görä, “Şagadam” 21-nji fewralda Belarusyň “Şahtýor” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Soligorsk şäherine wekilçilik edýän topar ýurduň Ýokary ligasynda ýaryşýar. Topar geçen möwsümi edil “Şagadam” ýaly üçünji orunda tamamlap, Ýewropa ligasynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bu duşuşyk Şahter toparynyñ “You Tube” kanalynda göni ýaýlymda görkezilmegi meýilleşdirilýär.