Aziýanyň Futbol konfederasiýasy «Saran Media International» guramasynyň Gyrgyzytsnada, Täjigistanda, Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda 2021 ― 2024-nji ýyllar aralygynda metbugat hyzmatdaşy hökmünde işlejekdigini habar berdi.

«Saran Media International» bilen baglaşylan şertnama AFK-niň çägindäki milli ýygyndylaryň we klublaryň arasynda boljak halkara duşuşyklary öz içine alýar. Has takygy, kompaniýa Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklaryny, AFK-nyň Çempionlar ligasyny, AFK-nyň kubogyny, Aziýa kubogy ― 2023-i we Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatyny dünýä ýaýmaga gatnaşar.

Halkara futbol jemgyýetçiliginde toplan baý tejribesi we Merkezi Aziýada işlemäge döwtalaplygy bilen, «Saran Media International» AFK-nyň bu sebitdäki halkara ýaryşlaryny we duşuşyklaryny has giňişleýin ýaýratmagy we beýan etmegi üpjün eder. Duşuşyklary özüne degişli teleýaýlymlarda ýokary hil derejesinde alyp görkezer.

AFK-nyň wekilleri bu hyzmatdaşlyk üçin kompaniýa hoşallyk bildirýär. Konfederasiýa sebitdäki futbol duşuşyklaryny millionlarça tomaşa ýetirmekde «Saran Media International» ýaly tejribeli hyzmadaş bilen işleşýändigine örän şat.​ ​ ​