Iňlis futbol çempionatynyň 33-nji tapgyrynda “Sauthempton” bilen “Mançester Siti” arasyndaky oýun taryha ýazyldy.  BBC teleýaýl;ymynda efire berlen bu duşuşyga 5 million 700 müň adam tomaşa etdi. Bu oýun Premýer Liganyň taryhynda teleýaýlymda iň köp tomaşa edilen oýun bolandygy üçin rekord gazandy.

Iňlis futbol çempionatynyň 33-nji tapgyrynda “Mançester Siti” toparynyň garşydaşyndan 0:1 hasabynda ýeňilendigini bellemelidiris.