Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol toparynyň hüjümçisi Selim Nurmyradow özüniň karýearsyny Özbegistanyň futbol çempionatynynyň geçen möwsümini üçünji hatarda tamamlan Daşkendiň “Bunýodkor” futbol toparynda dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty ýazýar.

23 ýaşly hüjümçi özüniň täze topary bilen bir ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.

Selim Nurmyradow
Selim Nurmyradow

Ýeri gelende bellesek, Selim Nurmyradow 2014-2019-njy ýyllaryň aralygynda, bassyr alty möwsüm “Altyn Asyryň” düzüminde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolupdy.