Serdar Azmoun
Serdar Azmoun

Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun Ispaniýanyň dünýä belli sport neşiri bolan «Marca» tarapyndan düzülen 100 futbolçylyk sanawyň 91-nji basgançagynda görkezildi. Sanaw futbolçylaryň 2019-njy ýyldaky netijelerine görä düzüldi.

Serdar Azmun bu sanawa Russiýanyň çempionatyndan goşulan ýeke-täk futbolçydyr. Hüjümçi şu ýyl Eýranyň ýygyndysy bilen OAE-de geçirilen Aziýa kubogynyň ýarym finalyna çenli baryp bildi. Bu ýaryşda ol dört pökgi geçirdi.

«Zenidiň» şu ýyl gazanan çempionlygynda hem uly paýy bardyr. Geçen möwsümde ol rus çempionatynyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda hem ikinji orny eýeledi.

sardar azmoun
Serdar Azmoun (Zenit)

«Marca» tarapyndan düzülen sanawyň, häzirlikçe, ikinji bölegi ― 51 ― 100-nji orunlary eýelän futbolçylary mälim.

  1. Sanawda Zlatan Ibragimowiç («Los Anjeles Gelaksi») 88-nji
  2. Romelu Lukaku («Internasional») 75-nji
  3. Markus Reşford («Mançester Ýunaýted») 71-nji
  4. Ederson («Mançester Siti») 61-nji
  5. Jeými Wardi («Lester Siti») 59-njy
  6. Oliwýe Žiru («Çelsi») 55-nji
  7. Ngole Kante («Çelsi») 52-nji orny eýeleýär.