Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň merkezi goragçysy Şöhrat Söýünow Özbegistanyň Super ligasynyň wekili «» futbol klubynyň 10-njy ýanwarda başlajak okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar. Bu barada klubyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aslynda, bu ýygnanyşykda 13 sany daşary ýurtly futbolçy gözden geçiriler. Topara täzelikde goşan futbolçylaryň biri biziň ildeşimiz, ikinjisi bolsa kamerunly Mbassi Emmanuel Rikkardodyr. Kamerunly futbolçy meýdanyň hüjüm böleginde oýnaýar.

Klubyň resmi saýtynda täze legionerlerden Şöhrat Söýünowa ýokary baha berilýär. Onuň HTTU, «Altyn asyr», «Ahal» ýaly klublarda, Türkmenistanyň milli ýygyndysynda gazanan üstünlikleri ýatlanylýar. Şeýle hem saýt 27 ýaşly hüjümçiniň 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edilendigine ünsi çekýär.

şöhrat söyünov
Şöhrat Söyunov

10-njy ýanwarda başlanjak okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 30-a ýakyn ýerli we 15-e golaý daşary ýurtly futbolçy gatnaşar. Toparyň tälimçiler düzümi olaryň iň gowulary bilen şertnama baglaşar. Häzirki daşary ýurtly futbolçylaryň arasynda biziň ildeşimizden başgadan russiýaly, niderlandiýaly, horwatiýaly, bosnýa we gersogowinaly, ispaniýaly, portugaliýaly, serbiýaly, müsürli, kamerunly we koreýaly futbolçylar bar.

Şöhrat Söýünowyň geçen möwsümde «Ahal» bilen Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medaly eýeläp, Futbol kobogy ugrundaky ýaryşda finala çykandygyny ýatladýarys.

«Nawbahoryň» düzüminde geçen ýylyň birinji ýarymynda Elman Tagaýew hem futbol oýnapdy. Umuman, bu toparyň taryhynda Myrat Hamraýew, Guwançmuhammet Öwekow, Didar Hajyýew, Ýagmyrmyrat Annamyradow, Maksim Belyh, Mämmedaly Karadanow ýaly türkmenistanly futbolçylar dürli ýyllarda çykyş etdiler. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda gowy netije görkezip bilse, Şöhrat Söýünow hem şol futbolçylaryň hataryna goşulyp biler.