Dünýä sportynyň taryhynda iň gymmat bahaly şertnama gol çekildi. Bu şertnama Amerikanyň “Kanzas Siti Çits” diýen futbol kluby bilen futbolçy Patrik Maksoumsyň arasynda gol çekildi.

10 ýyllyk şertnama 2022-nji ýyldan başlap güýje girer. Milli Futbol Ligasy şertnamanyň umumy mukdarynyň 503 million dollardygyny mälim etdi. Şu wagta çenli baglaşylan şertnamalarda iň ýokary mukdar 430 milliona golaý dollardy. 430 milliona golaý dollarlyk şernamany bolsa Los-Anceles Encels 2019-njy ýylda beýsbol oýunçysy Maýk Traut bilen 12 ýyllyk möhletde baglaşypdy