Iýul aýynyň 6-sy – 8-si aralygynda Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebine degişli Atamyrat Nyýazow adyndaky seýilgähiň çäginde ýerleşýän 25 metrlik üsti açyk suw howzunda sportuň suwda top oýnamaklyk görnüşi boýunça uly ýaşly toparlaryň arasynda Mary welaýatynyñ kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçiriler.

Bu sport ýaryşyna welaýatdan jemi dört topar gatnaşar, olar Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň hem-de 6-njy sport mekdebiniň 1-nji, 2-nji toparlarydyr. Welaýat kubogynyň ilkinji güni bolan 6-njy iýulda türkmen halkynyň “Bijeli oglan aglamaz” diýen parasatly pähimine eýerilip, bije çekdiriler we oýna ilki haýsy topar bilen haýsy toparyň başlamalydygy mälim ediler.

Ondan soňra bolsa bu sport bäsleşigi welaýat kubogynyň öz iş meýilnamasy boýunça alnyp barlar hem-de ýaryş 3 günläp dowam eder.

Nobatdaky sport bäsleşiginiň netijesi bolsa Mary welaýat kubogynyň iň soňky jemleýji güni bolan 8-nji iýulda mälim ediler we ýeňiji bolanlar şu ýylyň güýz aýlarynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet derejesindäki sport ýaryşyna gatnaşmaklyga hukuk gazanarlar.