“Barselona” nobatdaky oýnuny La Ligada oýnady. “Kataloniýa” kluby 35-nji tapgyrda “Espanýol” klubyny kabul etdi. Duşuşyk öý toparynyň 1:0 hasabynda ýeňişi bilen tamamlandy.

Barselona” – “Espanýol” 1:0

Gol: Suares, 56

Gyzyl petekler: Fati, 50  (“Barselona”)

Lozano, 53 (“Espanýol”)

Bu ýeňiş bilen 76 utuk (oçko) toplan Kike Setýeniň topary ýaryş tablissasynyň ikinji ornunda ýerleşdi. 24 utuk (oçko) bilen iň soňky orunda barýan “Espanýol” kluby resmi taýdan elitany terk eder.

Ýeri gelende aýtsak, “Real” 77 utuk (34 oýun) bilen ýaryş tablisasynda öňde barýar. “Atletiko” bolsa 63 utuk (oçko) bilen üçünji ýerde durýar.