Tebigat köptaraplaýyn zehini hemmelere deň eçiläýenok. Şeýle tebigy paýlanyşykda ýüki ýeten, tebigy zehin barada-da, adamkärçiligiň belent nusgasyny özünde jemlemekde-de, özünde bar bolan ukyp- -başarnygyny durmuşa ornaşdyrmakda-da ýurdumyzyň çäginden daşlarda hem tanalýan adamlaryň biri hem Bally Rejepowdyr. Ol 1947-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmengala etrabynyň Serdarýap geňeşliginiň Rahat obasynda dünýä inýär.

Hormatly okyjylar! Men size özümiň teleýaýlym boýunça şaýat bolan hem-de Bally aganyň öz gürrüňlerinden eşiden bir gyzykly, hemmeler üçin täsin sungat sahypasy barada gürrüň bermekçi.
Meniň size gürrüň bermekçi bolýan wakamyň ýyly ýadyma düşenok, ýöne ýaz paslynyň jana şypa beriji mylaýym günlerinde Russiýa döwletiniň Saha (Ýakudystan) Respublikasynyň paýtagty Ýakut şäherinde dünýä halklarynyň milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça bäsleşik geçirilipdi. Bu bäsleşige öňki SSSR-iň düzüminde bolan Türkmenistan Respublikamyzdan hem Bally aga gatnaşypdy. Bäsleşik şäheriň uly teatrlarynyň birinde geçirilip, onda alyp baryjy her bir çykyş edýän sazanda hem-de onuň çaljak sazy bilen tanyşdyrýardy.
Dünýäniň dürli künjeginden gelen sazandalar öz halkynyň abraýyny belende galdyrmak üçin özleriniň zehin başarnygyny görkezmäge başladylar. Saz sungatynyň jadylaýjy owazyna maýyl bolan muşdaklary her bir sazandanyň haýsy ýurtdandygyna, haýsy saz guralynda çykyş edýändigine garamazdan, ony gyzgyn mähir hem-de uzak el çarpyşmalar bilen garşylaýardylar. Gezek türkmen sährasynda bar bolan dürli hili tebigy gurşawyň seslerinden dörän sungat owazyny gursagynda jemlän Bally Rejepowa geldi. Ol agras ýöräp, sahna bardy-da köýneginiň çep döşündäki jübüsinden hiç kime görkezmän saz guralyny çykaryp (gamyşdan edilen tüýdük), şol wagtlarda-da, häzirlerem hemmeler tarapyndan höwes edilip, ýerine ýetirilýän hem-de diňlenilýän “Suwa geledir” aýdymynyň (saz edilip çalnandaky ady “Teşnit” bolmaly) sazyny çalyp başlapdy. “Sakla ýoluň Maral-eý, suwa geleýdi” diýen ýerini bir diňlesediňiz. Sazandanyň çalýan sazyny teleýaýlymda görmeseň, aýdym aýdýarmyka diýdirýärdi. Ol çalýan sazynda goşgynyň sözleriniň her bir harpyny diýdirip bilýärdi.

Saz çalnyp gutardy. Bally aga adaty agraslygy bilen oturan mähellä hormat edip, başyny egdi hem-de üns berip diňländikleri üçin minnetdarlygyny bildirdi. Öňki sazandalar sazyny çalyp gutaranda, mähirli el çarpyşmalara gaplaýan tomaşaçylar ne el çarpdylar, ne minnetdarlyk bildirdiler. Giden uly zalda “siňek uçsa, bildirýär” diýilýän dymyşlyk. Men ol dymyşlygyň näçe wagta çekendigini bilemok, ýöne meniň göwnüme ol gaty uzaga çeken ýaly boldy. Birdenem teatryň içi hiç hili hereketsiz oturan mähelläniň ýerinden turup, el çarpyşmalarynyň güwwüldisinden dolup gitdi. Mähelle ör turup, uzak wagtlap Bally aganyň sazy örän ussatlyk bilen ýerine ýetirişini el çarpyp sarpaladylar, soňra hem sahna tarap eňdiler. Kimsi gül gowşurýar, kimsi sazandanyň elini gysýar, kimsi gujaklap dur. Şeýlelik bilen şol bäsleşikde käri boýunça sazanda, dirižýor Bally Rejepow ýeňiji bolup, türkmen halkymyzyň sungatyny hem-de abraýyny ýokary göteripdi.

Şu günki ýaly ýadymda. 2004-nji ýylyň gyş günleriniň birinde Bally aga bilen çaý başynda duşuşmak nesip edipdi. Şonda biziň gürrüňimiz ýaşulynyň şondaky çykyşynyň netijesi barada bolupdy. Çykyş etmek pursaty tamamlanan badyna hemmeler onuň daşyna üýşüp, sazandanyň saz guraly bilen gyzyklanypdyrlar.

Esasanam, maddy we maddy däl sungatyň täsin görnüşlerini ýasamagyň ussatlary — ýaponlar has gyzyklanypdyrlar. Zandy sadadan agras Bally aga Uzak Gündogaryň bol ösümligi bolan gamyşdan tüýdük ýasap berende, olaryň haýran galyşyny bir görsediňiz. Ol gamyşdan gaty kän adama tüýdük ýasap berenden soň: “Biz ol ýerden gaýdýançak şäheriň içinde gamyşdan edilen tüýdügiň sesi geldi durdy” diýip gülüpdi.

Bally aga ýaly tebigy zehinli adamlaryň bize galdyryp giden başarnyk, ukyp täsinligini öwrenip, ösdürip, indiki nesillerimize geçirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.