Şu gün 1-nji iýulda ulularyň arasynda başlanan suwda ýüzmeklik boýunça Mary welaýat çempionatynyň jemi jemlendi.

Bu çempionata jemi 40-a golaý türgenler gatnaşdylar.  Şolaryň 10 sany ýygyndy toparlar, 30 töweregi bolsa türgenlerdir. Çempionatyň ilkinji gününde 50 metr aralykdaky erkin ýüzüş 25 sekunt, 70 millisekundyň içinde, 200 metr aralykdaky brat ýüzüş 3 minut, 4 sekundyň dowamynda, 100 metr aralykdaky bastrslaý ýüzüş 1minut, 7 sekunt, 55 millisekundyň içinde, 200 metr aralykdaky arkanlygyna ýüzüş 2 minut, 43 sekundyň dowamynda geçirildi.

Ýaryşyň birinji gününde geçirilen suwda ýüzmekligiň bu dört görnüşi 4×100 usulynda alnyp baryldy. Mary welaýat çempionatynyñ ikinji gününde suwda ýüzmekligiň 5 görnüşi boýunça ýaryş – 100 metr aralykdaky erkin ýüzüş 1 minut, 7 sekunt, 38 millisekundyň içinde, 200 metr aralykdaky bastrslaý ýüzüş 2 minut, 58 sekunt, 7 millisekundyň dowamynda, 50 metr aralykdaky brat ýüzüş 34 sekunt, 65 millisekundyň içinde, 800 metr aralykdaky erkin ýüzüş 12 minut, 46 sekundyň dowamynda, 4×50 usulyndaky erkin ýüzüş 2 minut, 34 sekunt, 64 millisekundyň içinde geçirildi.

Çempionatyň şu günki jemleýji gününde bolsa suwda ýüzmekligiň 6 görnüşi boýunça ýaryş, ýagny 50 metr aralykdaky arkanlygyna ýüzüş 32 sekunt, 94 millisekundyň içinde, 50 metr aralykdaky bastrslaý ýüzüş 29 sekunt, 97 millisekundyň dowamynda, 200 metr aralykdaky erkin ýüzüş 2 minut, 34 sekunt, 67 millisekundyň içinde, 100 metr aralykdaky brat ýüzüş 1 minut, 29 sekunt, 4 millisekundyň dowamynda, 4×100 toplumlaýyn ýüzüş 5 minut, 20 sekunt, 37 millisekundyň içinde, 200 metr aralykdaky toplumlaýyn ýüzüş 2 minut, 51 sekunt, 17 minudyň dowamynda geçirildi. Ýaryş gutaranyndan soňra bolsa welaýat çempionatynyň jemi jemlendi.

Netijede: 1-nji orna Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň 1-nji toparyndaky 13 sany türgeni mynasyp boldy.

2-nji orna Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň 1-nji toparyndaky 13 sany türgeni mynasyp boldy.

3-nji orna bolsa Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň 2-nji toparynyň türgenleri mynasyp boldy.