10-njy awgustda Özbegistanda tomusky transfer penjiresi resmi ýagdaýda açylýar. Özbek metbugaty türkmenistanly hünärmenler Täçmyrat Agamyradowyň tälim berýän «Kyzylkum» futbol toparynyň bu penjirede iň iş toparlaryň biri boljakdygyna eýýämden ünsi çekýärler ― diýip, «Turkmenportal» habar berýär.

Dürli sport saýtlarynda habar berlişi ýaly, «Lokomotiwden» aýrylan Ignatiý Nesterow bilen Oýbek Kiliçýew «Kyzylkuma» goşulmaga ýakyn. Bu futbolçylar eýýäm Nawoýi şäheriniň topary bilen türgenleşiklere başladylar.

Topar AGMK-niň ozalky goragçysy Wladislaw Kasminin bilen birlikde «Surhondan» hem birnäçe futbolçy bilen gyzyklanýar. Olaryň arasynda Husniddin Gofurow, Darko Stanoýewiç, Aleksandr Kasýan ýaly futbolçylar bar.

Ýeri gelende aýtsak, Superliganyň yzda galan 9 tapgyrynda hiç hili ýeňiş gazanmadyk «Kyzylkum» bary-ýogy 2 utuk bilen 13-nji orny eýeleýär. Bu toparda türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.​ ​