Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» topary ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Ýaryşa jemi 19 topar gatnaşyp, öňe saýlanan toparlar iki toparçada çykyş etdiler. Birinji
toparçanyň oýunlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, ikinji
toparçanyň oýunlary Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň sport
meýdançasynda geçirildi.
Çekeleşikli duşuşyklaryň netijsinde ýarym finala çykan «Talyp sporty» «Maliýeçiden»
(Türkmen döwlet maliýe instituty) 3:0, «Hazyna» (Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş instituty) «Nesilden» (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty) 4:2
hasapda üstün çykdy.
Final duşuşygynda «Hazynadan» üstün çykan «Talyp sporty» ýaryşyň çempiony boldy.
Gazanylan üstünlikde B.Gaýlyýew, O.Işangulyýew, G.Gurbanow, D.Berdiýew,
N.Tuwakweliew, A.Ýawarow, M.Annaýew, B.Baýow ýaly Ýokary ligada hem baý
tejribesi bolan futbolçylaryň uly paýy bardyr. Gazanylan ýeňşiň ýene bir gyzykly hem
täsin tarapy çempion toparyň tutuş ýaryşyň dowamynda derwezesine ýekeje pökgi hem
geçirtmänligidir.
«Talyp sporty» bu üstünligi bassyr ikinji ýyl gaýtalaýar. Ýaryşda «Hazyna» ikinji, «Nesil»
üçünji orna mynasyp boldy.