Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna talyplyga kabul edilmeklikde artykmaç hukukdan peýdalanýan dalaşgärler.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan şu aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
  • saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • 2016 — 2020-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
  • 2016 — 2020-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.