Çelsiniň hüjümçisi Temmy Abraham, Baýern Mýunheniň Polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski baradaky pikirlerini paýlaşdy.

“Meniň pikirimçe, Lewandowski häzirki wagtda dünýäniň iň gowy hüjümçisi. Gowulaşmak isleýärin we bir gün şol derejä ýetmek arzuw edýärin. Munuň üçin türgenleşerin we elimden gelenini ederin. Robert bilen oýnamak meniň üçin ullakan tejribe boldy. Indiki möwsümden başlap, başarnygymy ýokarlandyrmaga synanşaryn we türgenleşerin” diýip iňlis futbolçy 31 ýaşly oýunçyny öwmek bilen öz duýgularyny beýanetdi.