türkmenistan-futzal-zenan-yygyndysy

TFF futzal boýunça sebit çempionatyna gatnaşjak gyzlaryň sanawyny mälim etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 22 ― 29-njy ýanwar aralygynda CAFA tarapyndan 19 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda futzal boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçiriler. Bir aýlaw görnüşinde geçiriljek bu çempionata Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maglumatlaryna görä, baş tälimçi Kamil Mingazow sebit ýaryşyna gatnaşmak üçin futzalçy gyzlaryň 14-sini ýygyndy topara çagyrdy.

1. Amanberdiyewa Aýşa
2. Saparmedowa Gülzada
3. Klementýewa Mariýa
4. Musaskaýa Maýa
5. Çaryýewa Mariýa
6. Mamedowa Jeren
7. Mingazowa Kamila
8. Haipowa Läle
9. Seýitmyradowa Ogulbossan
10. Prýannikowa Swetlana
11. Kuzmina Selbi
12. Rejepowa Mahym
13. Mammedowa Malika
14. Gurbanowa Perwana

Topara Sapargeldi Begliýew ýolbaşçylyk edýär. Baş tälimçä Akmyrat Gurbanowa ýardam berer.

turkmenistan-zenan-yygyndy

Şeýle hem Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň düzüminde iş dolandyryjylar Selbi Kiiçgulowa bilen Gözel Artykowa, lukman Arzygül Kiçigulowa bar.