Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň hem-de AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al Khalifanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşylar düzümleri (Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Eýran, Owganystan) bilen geçirilen wideoşekilli onlaýn maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Onlaýn-konferensiýanyň dowamynda FIFA-nyň hem-de AFK-nyň bar bolan tejribelerinden, taslamalaryndan hem-de mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak barasynda maslahat alşyldy.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino öz çykyşynda FIFA-nyň şu kyn döwürde hem öz agzalary bilen işjeňligini saklajakdygyny, hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýratyn nygtady.

Ozal hem habar berlişi ýaly, FIFA öz gaznasyndan 1,5 million dollary milli federasiýalary goldamak üçin aýryp berdi.