Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Halkara olimpiýa komitetine şu ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgustyna çenli aralykda Tokioda geçiriljek oýunlary 2021-nji ýyla süýşürmegi teklip etdi. Bu barada öz «twitterinde» žurnalist Dewen Eru habar berýär.

Abe Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň koronawirus infeksiýasynyň ýaýramak howpunyň barlygy sebäpli bu teklip bilen ylalaşandygyny aýdanlarynyň üstüne goşdy. CNN-iň habar bermegine görä bolsa, Olimpiada—2020-ni «doly formatda» Tokiýoda geçirilmegini G7-niň liderleriniň hem goldaýandygyny aýdypdyr.

Kpronawirus wirusynyň ýaramak howpy zerarly bütin dünýäde sport çärelerini geçirmegi köpçülikleýin togtadýandyklaryny ýatlatsak, artykmaçlyk etmese gerek. COVID-19 geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň has köp ilatly Uhan şäherinde ýüze çykypdy. Soňky maglumatlara görä koronawirusdan 17 müňden gowrak adam aradan çykypdyr. Şol bir wagtyň özünde kesel ýokuşanlaryň 103 müňden gowragy sagalypdyr.