Golaýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň erkin göreş boýunça açyk birinjiligi geçirildi.

«Galkynyş» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşik çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Birinjilige paýtagtymyzyň hem-de Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň toparlary gatnaşdylar. Şeýlelikde, 24 kg-de Meret Durdyýew öňdeligi eýelemegi başardy. 42 kg agramda Döwlet Ataberdiýew, 48 kg-de Käbe Mätjanow tapawutlandy. 61 kg-de Kakajan Aşyrow, 65 kg-de Ýunus Ataberdiýew birinji boldy.

Bäsleşigiň iň agyr agramynda, ýagny +75 kg-de Parahat Ataýew üstünlik gazandy.  Şeýle-de, toparlaýyn Aşgabat şäheriniň topary birinji orny eýeledi.