Toýly Amanberdiýew 2015-nji ýyldan bäri sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça meşgullanýar. Ol Sakarçäge etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň ussat tälimçilerinden bu ugurdan tälim alýar.

Türgený ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň şäher, etrap, welaýat, döwlet derejesindäki tapgyrlarynda öz ukyp-başarnygyny görkezip, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. Onuň dürli ýyllarda gazanan her bir üstünligi sport mekdebimiziň abraýyna abraý goşýar.

Toýly Amanberdiýew sportuň diňe bu görnüşi boýunça gyzyklanman, eýsem, grek-rim, gandbol, woleýbol görnüşlerini hem oňat görýär. Ol agzalan sport görnüşleri boýunça-da ýaryşlara gatnaşyp, öz erjelligini subut edýär.