Daşoguz welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Turan», «Almaz» hem-de «Dostluk» toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Birinji orunda barýan «Turan» çekeleşikli geçen duşuşykda  «Täze ýol» toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, ýaryş tertibinde ikinji orunda ornaşan «Almaz» «Nowruzy» uly hasap bilen (14:2) ýeňmegi başardy. «Dostluk» topary bolsa «Akdepeden» 3:2 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 15 utuk toplan «Turan» birinji orny eýelemegini dowam edýär.

12 utukdan toplan «Almaz» bilen Dostluk» toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler[1].

[1] Türkmen sport gazetiniň 2020-nji ýylyň 11-nji iýulyndaky sanynyň 4-nji sahypasy