Kýokuşinkaý karate boýunça Mary welaýat kubogynyň indiki ýaryşyna  «Watan» sport desgasynyň türgenleri Sakarçäge etrabyndan özbaşdak topar bolup gatnaşmak hukugyny gazandy.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň döwrebap sport binasynda kýokuşinkaý karate boýunça welaýatyň kubok ýaryşy geçirildi.

Ýaryşda Mary şäherinden we welaýatynyň etraplaryndan, Şatlyk şäherinden gelen toparlaryň hatarynda Sakarçäge etrabyndan «Watan» sport desgasynyň türgenler topary-da gatnaşdy. Bu  topatyň ussat tälimçisi Rejepmyrat Akmyradowyň taýýarlan türgeni Serdar Azadow ýaryşyň kiçi agram derejesi bolan 30 kg-de ýeňiji bolmagy başardy. Onuň yzysüresi 35 kg agramda ýaryşa gatnaşan Myrat Altymuhammedow ýeňiş medalyny öz toparyna getirdi. Topardaş ýoldaşlarynyň bu üstünligini 40 kg agramda çykyş eden Pena Gaýgysyzow hem gaýtalady. Ýene-de bir altyn medaly 55 kg agramdaky türgenleriň bäsleşigine gatnaşan Geldimyrat Güýçmyradow getirdi. Elbetde, jemi 8 agram derejesinde geçen ýaryşda 4 agramda gazanylan ýeňiş topar üçin üstünlik bolup durýar.

Şeýle-de, «Watan» sport desgasynyň toparyndan Öwezdurdy Söýünow, Umyt Muhammedamanow, Şanyýaz Annagylyjow, Ýazmyrat Berdimyradow dagy hem baýrakly orny eýeledi. Munuň özi toparyň tälimçisi Rejepmyrat Akmyradowyň yzygiderli zähmetinden we baý tejribesinden nyşandyr. Onuň aladalary netijesinde «Watan» sport desgasynyň türgenleri Sakarçäge etrabyndan özbaşdak topar bolup gatnaşmak hukugyny gazandy. Türgenler bolsa tälimçileriniň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň ynamyny doly ödemegi başardy.

Ýeri gelende aýtsak, tälimçi Rejepmyrat Akmyradow häzirki wagtda hem döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmagyny dowam etdirýär we 60 kg agramda iň güýçlüleriň hatarynda tanalýar hem-de bu agramda onlarça gezek çempion bolmak bilen, öz şägirtlerine görelde bolýar, olary üstünliklere ruhlandyrýar. Şägirtlerinden Myrat Altymuhammedow ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda diňe baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Ýaş tälimçiniň baş arzuwy bolsa halkara ýaryşlarynda ukybyny synamak bolup durýar.

Bize bolsa kalby sport görnüşini ösdürmek höwesinden doly Rejepmyrada we şägirtlerine gelejekki ýaryşlarda hem diňe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edäýmek galýar.

Çeşme: Türkmensporty gazetiniň 2020-nji ýylyň senýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy