Türk Futbol Federasiýasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň agzasy Gurkan Teoman türk ýurtlarynyň arasynda ýaryş döretmek barada teklip berdi.

Turan kubogyny döretmek teklip edilýär. Bu ýaryşy amala aşyrmagyň ýolundaky ilkinji ädim eýýäm işçi toparyny döretmek görnüşinde edildi.

Gurkan Teomanyň pikiriçe, şuňa meňzeş ýaryş halkara oýunlarynyň tejribesini ýokarlandyrmaga kömek eder we maliýe taýdan hem girdeji getirer.

Teoman “Milli çempionatlara gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda şöhlelenmez, ýöne telewizion ýaýlymlardan we ýaryşa hemaýatkärlerden gelýän girdejini artdyrar. Klublaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrar” -diýdi.

Bu meýilnama durmuşa geçirilse, ýaryşa Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Kipr, şeýle hem beýleki ýurtlaryň türk halklary gatnaşar.