Türkiýe futbol federasiýasy futbol boýunça “Ziraat Türk kubogy” oýnunyň soňky duşuşygynyň senesini we geçiriljek stadionyny mälim etdi.

Ziraat Türk kubogy” atly futbol oýnunyň final duşuşygy 29-njy iýulda Ystambul şäherinde geçiriler.

Trabzonspor” topary bilen “Alanýaspor’  toparynyň arasyndaky soňky oýnuň Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnaljakdygy habar berildi. Oýun ýerli wagt bilen sagat 21:30-da başlar.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 5-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Ziraat Türk kubogy” atly futbol oýnunyň final duşuşygy täze koronowirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilendigini bellemelidiris.