Agyr atletika
Agyr atletika

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän  agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionatynda türkmen türgenleri diýseň üstünlikli çykyş edýärler.

Şu ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna öwrülen halkara ýaryşa gatnaşýan sekiz türgenimiziň altysy şu güne çenli dürli görnüşli medallary eýelediler.Ýeri gelende, bu halkara ýaryşa 37 döwletden 116 türgeniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.agyr atletika

Agyr atletika boýunça dünýäniň wise-çempiony, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa Daşkentdäki halkara ýaryşda 49 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Ol ştangany silterläp götermekde 72 kilogramlyk netije görkezip, kümüş medaly eýeledi. Itekläp götermekde bolsa 96 kilogramlyk netije görkezen Ýulduz bäsdeşleriniň ählisinden rüstem geldi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 168 kilogram agyrlygy göteren türgen gyz ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew halkara ýaryşda 61 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda çykyş etdi.

Ştangany silterläp götermekde 130 kilogram agyrlygy galdyran ildeşimiz öz agram derejesinde bu görnüşiň altyn medalyna mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 150 kilogramlyk netije bilen dördünji orny düşmegi ony umumy hasapda öňdäki iki orundan mahrum etdi. Şeýle-de bolsa, iki görnüşiň jemi boýunça 280 kilogramlyk netije görkezen ildeşimiz ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Soňky dört-bäş ýylyň içinde ýurdumyzyň agyr atletikaçylarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýän we karýerasyny halkara medallaryň ençemesi bilen bezän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň   3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa bu ýaryşy hem boş geçirmedi.55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz ştangany silterläp götermekde 85 kilogramlyk netije görkezip, ýaryş münberiniň üçünji basgançagyny eýeledi. Onuň itekläp götermekdäki netijesi hem (110) kilogram üçünji orun üçin ýeterlik boldy. Şeýlelikde, Kristina iki görnüşiň jemi boýunça 195 kilogram agyrlygy göterip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa hem ýaryşyň kümüş medalçylarynyň arasyna goşuldy. 87 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiziň iki görnüş boýunça netijesi hem kümüş medala mynasyp boldy. Ol ştangany silterläp götermekde 86, itekläp götermekde 117 kilogramlyk netije görkezdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 203 kilograma ýetip bildi.

Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Rüstem Annadurdyýew bilen Pirguly Pirgulyýew halkara ýaryşy bürünç medal bilen tamamladylar.

Halkara ýaryş dowam edýär.