• Aşgabat şäheriniň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 22 – 23-i, 25-i we 27-si günleri;
  • Ahal welaýatynyň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 24-i, 26-sy we 28-i günleri;
  • Mary welaýatynyň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 29-y, 31-i, awgust aýynyň 2-si günleri;
  • Lebap welaýatynyň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri;
  • Daşoguz welaýatynyň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Balkan welaýatynyň talyplyga dalaşgärleri üçin 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri.

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport            institutynda geçiriler. Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.

Habarlaşmaklyk üçin telefon belgisi:  22-65-37, 22-68-61.