Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň giriş synagyna gatnaşjak dalaşgärler resmi iş kagyzlary 2020-nji ýylyň 6-njy — 19-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

2020-nji ýylyň 6-njy — 19-njy iýuly aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girmeklige isleg bildirýän däläşgärleriň resmi iş kagyzlary  ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde kabul edilýär. Bu ýokary okuw mekdebine girjeklere gerek bolan resmi iş kagyzlarynyň sanawy şu aşakdakylardan ybaratdyr.

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta ýa-da orta hünär bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • sport, bedenterbiýe, sagaldyş işi hünärleri boýunça okuwa girýänler üçin türgeniň I derejeden pes bolmadyk kämillik kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.