Türkmen Eminler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow hem-de FIFA-nyň eminleri Timur Ramazanow bilen Azat Hajypolatow Kuala-Lumpurda geçirilen naýbaşy eminleriň maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyñ futbol federasiýasynyñ resmi saýtynda habar berilýär.

Seminaryň dowamynda W.Baratowa futzal boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda gözegçi eminiň wezipesini ýerine ýetirmek ynanyldy.

Seminara gatnaşyjylar, onuň dowamynda futzal oýnunyň düzgünlerine girizilen üýtgeşmeler bilen tanşyp, “Aziýanyñ Futbol Konfederasiýasy-nyň guramagynda futzal boýunça soňky geçirilen halkara ýaryşlarynyň duşuşyklarynyň wideoşekillerini içgin seljermäge mümkinçilik aldylar. Şeýle-de, 2020-nji ýylyň martynda futzalyň düzgünlerine giriziljek täzelikler bilen tanyşlyk çäresi geçirildi. Bu üýtgeşmeleriň 2020-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje girer.

Belläp geçsek futzal boýunça Aziýa çempionaty 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriler.

Aziýanyň 16-njy çempionatynyň deslapky tapgyrynda,  futzal boýunça Türkmenistanyñ milli ýygyndysy. Täjigistanyň, Wýetnamyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen “A” toparda çykyş eder.

www.turkmensporty.com