Golaýda agamyňa barsam, agam internetden habar okap otyran eken. Salam-älikden soň gyssanmaç :
-Inim muny gördiňmi-diýip elindäki telefonyna yşarat edip gürriňe başlady
-Siz bilmersiňizem, meniň görýän döwürlerimde Goçguly Goçgulyýew Özbegistan çempionatynyň esasy goragçylaryndandy. Ine şu taýda-da ýazypdyrlar(ol ýene telefony-ny ümledi). Öz toparynda bir möwsimde iň köp pökgi geçiren goragçy bolupdyr.Aý oň boljagy belli-dile, gowy oýanaýady. Siz ýöne bimersiňiz welin aýdaýyn, türkmen futbolçysy ondan soň beýdip goňşy çempionatda at goýan däl bolýmasa. Ana men bolsa şol Goçgulynyň gözli şaýady inim…
-Edil beýlede däl agam. Men futbola gyzygyp başlan wagtym Artur Gworkýan bardy Özbegistan çempionatynda. Iň şowhunly yz galdyran şol bolaýmasa diýip menem öz pikirimi saçagyň men tarapyna dökip başladym.
Arturdan öňem bolypdy şowhunly yzlar inim- diýip agam tirsegne galdy.
-Seň habaryň barmy şol Goçgulyýew toparda iň köp pökgi geçirende näçenji ýyldy?
-Iki müň iki-di
-Näçe pökgi geçirdi?
-on dört pökgi agam, on dört .
-Dur dur, inim dur. Indi sen şol on dört goly nähili geçirenligi hakynda umumyragam bolsa aýdyp biljekmi?
-Ahow agam men her goly ýatlap aýdyp berip bilmerinä…
-Onda meni diňle ýoldaş ysport synçysy. Ana şol rekort diýilýän on dört golyň ýedisini kelle bilen salypdy, özem nebir gollar.
Agam şondan soň Goçguly Goçgulyýewiň Özbegistan çempionatynda iki sany toparda çykyş edip (2002-2005 “Pahtakorda), (2007-2010 “Binýotkorda”) jemi ýedi gezek gezek çempion, alty gezegem Özbegistan kubagyny eýelänini, üç gezegem çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýetenini buýsanç bilen ýatlap, soňundanam Riwalda ýaly ýyldyzly ligoneri bolan ýurdyň futbolynda Goçgulynyň şu rekordyny gaýtalap bilen ligoner heniz ýokdyr inimjan diýip üstine goşdy.Bu diýmek eýýam “Pahtakor” ýa “Binýotkor” iň ýokary netijelerini görkezen wagty hökman düzminde Goçgulyýew bar-dy diýmek boýar diýip agam aýratyn nygtady. Inim men Luis Felipe Skolari we Riwaldo ýaly ýyldyzlar bilen bir toparda çykyş etýän ildeşimiziň bolan döwri hakynda aýtýan, ana meniň ýaşlyk döwrim nähili adamlara gabat geldi diýibem delillerini hasam pugtalaşdyrdy.
Öz kärimden gelip çykypmy, ýa gelnejemiň bişiren burçlyja unaşynyň badymy, bilmedim menem öz delillerimi öňe sürip başladym:

-Meniň pikirimçe Arturyň özbek futbolyndaky oýnan döwri has öwüşginliräk görinýär agam. Dogry çempionlyk sany hakynda bu çempionatda diňe bir Artur däl hiç ligonerem Goçgula deň gelip bilmez, emma Arturyň başga ähmiýetli tarplary bar welin islendik futbolçynyň arzuw edip biljek zatlary. Umumana Gworkýan özbek çempionatynda almagy mümkin bolan hemme baýraklary aldy, bir almadygy çempionlar ligasynyň kubogy. Seret agam men sanaýyn üç gezek bürinç medal, bir gezek kümiş we bir gezek altyn medal. Özbegistan kubagynyň we super kubogynyň eýesi. 2013 nji ýylda Özbegistan çempionatynda iň gowy ligoner diýilip ýyglan edildi, indi hasam ünis ber agam aradan bir ýyl geçip 2014 –nji ýyl çempionatda iň köp pökgi geçiren we şol ýyl ligoner ýa-da ýerli futbolçy parhy ýok, umuman Özbegistan çempionatynda oýnaýan oýunçularyň hemmesiniň içinden (Iň gowy ligoner bolmak hakda gürriň ýok) iň gowysy diýip ykrar edilýär. Ildeşimiz özbek futbolyna ilkinji bolup toparlara berilýän halkara kubagy getirmekde hem uly goşant goşdy. Arturyň serdarlygy astynda “Nasaf” AFK-nyň kubagyna mynasyp boldy. AFK- nyň kubagyny gazanan ilkinji türkmenistanly futbolçy şol möwsimde şol ýaryşyň yklym boýunça iň gowysy diýibem yglan edilipdi. Indi bolsa men seniň kesgitlemäňi hasda baýlaşdyryp görkezeýin agam ýagny “Bu diýmek eýýam “Pahtakor” ýa “Binýotkor” iň ýokary netijelerini görkezen wagty hökman düzminde Goçgulyýew bar-dy diýmek bolýar” diýen pikiriňi hasam giňeldip:
““Bu diýmek eýýam özbek toparylary iň ýokary netijelerini görkezen wagty hökman düzminde Türkmenistanly futboçylar bolup-dy diýmek bolýar”

Ondan soňam kän çekeleşdik, agam Goçgulyýewiň “Binýotkorda” meşhur “Barselona” garşy çykyş edip gören türkmen futbolçysydygyny, aýtsa, men Arturyň Özbegistandaky oýunlary esasynda(GDA ýurtlarynda 100 den köp top geçiren ligoner hökminde) Gennadiý Krasniskiý klubyna agza bolanlygyny agzadym…
Birdenem inim söhbetimizi böläýdi:

-Merdan däde Arslanmyrat Amanowyň oýunlary hakda-da aýdaýda, meniň gowy görýän futbolçym..
Agam ikimiz bir-birimize seretdik, göýäki ikimizem haýsydyr bir ýerde birmeňzeş ýalňyşy goýberen ýaly müýnirgedik. Öz ýaşdaşyň bolanyndanmy, ýa futbola ilki gyzygyp ugraňda göziňde galanyndanmy her kimiň öz ýaşyna görä döwri bolup. Şol hakynda gürlemekden lezzet alýanlygy hakynda ilkinji gezek oýlandym…
-Hawa dogurdanam Arslanmyradam özbegistan çempionatynda mynasyp çykyş edip, ýaňky agzanlarymyzyň yzyny dowam etýär-ä diýip agam dymyşlygy bozdy. Menem ylalaşdym. Indi gürriňlerimiz çekeleşik bilen dälde birek-biregiň maglumatlarynyň üstini doldurmak arkaly dowam etdi. Görip otyrsak Arslanmyradyňam eýýam diňe özüne mahsus taraplary kemala gelip başlapdyr welin, hatda ol milli ýygyndymyzdaky ajaýyp oýunlary arkaly özbek metbugatynda hem “Biziň super ligamyzyň wekili” diýip buýsanç bilen kän dile alyndy…
Futbol millionlar oýny. Ol halklaryň dostlygy esasynda sepleşýär, we dostlygy hasam berkitýän köpri wezipesini ýerine ýetirýär.Häzir ildeşimiz Arslanmyrat Amanowyň çykyş etýän “AGMK” toparyna janköýerlik etýänler biziň ýurdymyzda kän bolyşy ýaly , şol bir wagtyň özinde söýgüli toparynyň oýunçysyny goldamak üçin Türkmenistan milli ýygyndysyna janköýerlik etýän özbegistanlylar hem sanardan kän. Ýokardaky söhbet bolsa maňa bu ýagdaýyň öňdenem yzgiderli dowam edip gelýänligini görkezdi. Goçguly-Artur-Arsan. Agam men we inim.

Yazar: Merdan Baýadow