PDRM
PDRM

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň agzalary goragçy Şöhrat Söýünow bilen Serdar Geldiýew häzirki günlerde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň PDRM toparynda türgenleşýär. Bu iki futbolçy ýakynda bu toparyň «Johor» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşyk «Johoryň» 3:2 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

Şöhrat Söýünow
Şöhrat Söýünow

PDRM geçen ýyl Malaýziýanyň Premýer ligasynda dördünji orny eýeläp, saýlama duşuşyklaryň netijesinde 2020-nji ýylda Super ligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýeri gelende aýtsak, Malaýziýanyň Super ligasynyň täze möwsümine 28-nji fewralda badalga berler. Topar ýurduň çempionatynyň iň ýokary ligasyna üç ýyllyk arakesmeden soňra dolanyp gelýär.

Serdar Geldiyev Şöhrat Söyünow
PDRM

«Turkmensportuna» mälim bolşy ýaly, toparyň türkmenistanly futbolçylar bilen ýene-de birnäçe günden şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Şöhrat Söýünow
Şöhrat Söýünow

Geçen möwsümde Şöhrat Söýünowyň «Ahalda», Serdar Geldiýewiň bolsa «Altyn asyrda» futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Serdar Geldiýew
Serdar Geldiýew

​ ​ ​