Ýakynda Türkmenistanyň karate boýunça milli ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy. «Bäşinji Arpaçaý açyk çempionaty» diýlip atlandyrylan halkara ýaryşda türkmen karateçileri 8 medala mynasyp boldular. Olaryň biri altyn, 4-si kümüş, 3-si bürünç medallardyr. Halkara ýaryş 17 ― 19-njy ýanwar aralygynda geçirildi

Milli ýygyndymyz halkara ýaryşdaky altyn medaly 9 ― 11 ýaşa çenli çagalaryň arasynda toparlaýyn kumite görnüşi boýunça gazandy. Bu ýaryşda milli ýygyndymyza paýtagtly mekdep okuwçylary Gurbannazar Amandurdyýew, Allanur Ýalkabow, Jora Öwezmyradow dagylar wekilçilik etdiler.

Türkmen karatçeilerinden kümüş medallary kata boýunça Wadim Rudskiý, Nurgeldi Annagurbanow, Röwşen Ataýew dagylar gazandylar. Şamyrat Myradowdan, Resul Atajanowdan we Nurgeldi Annagurbanowdan ybarat kadet ýaş derejesindäki oglanlaryň arasynda toparlaýyn kata boýunça ýygyndymyz hem ýaryşy kümüş medal bilen jemledi.

Şeýle hem Yhlas Annagurbanow, Şamyrat Myradow dagylar kata boýunça bürünç medal gazandylar. Milli ýygyndymyzyň bürünç medallarynyň ýene-de birini 12 ― 15 ýaş aralygynda çagalardan düzülen toparlaýyn kumite ýygyndymyz eýeledi. Bu toparyň düzümini Röwşen Ataýew, Rüstem Puhanow we Şahan Gylyçdurdyýew dagylar düzýär.

Bäşinji Arpaçaý açyk halkara ýaryşyna Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Eýranyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Marokkonyň ýygyndy toparlary hem gatnaşdy. Umuman, halkara ýaryşyň baýrakly orunlary üçin 12 döwletden 83 kluba wekilçilik edýän 1084 türgen göreşdi. Olaryň 867-si erkekler, 217-si gyzlardyr.​ ​ ​