Tejen Tejenow

Türkmen samboçysy Tejen Tejenow Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.

Belarusyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara ýaryşa 20-nji fewralda badalga berildi. Onuň tutluşyklary Minsk şäherindäki Sport toplumynda geçirilýär. Oňa 21 döwletden ýüzlerçe türgen, şol sanda türkmenistanly samboçylar hem gatnaşýarlar.

Tejen tejenow
Tejen Tejenow

90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Tejen Tejenow gruziýaly Pata Giwenaşwili bilen bürünç medaly paýlaşdy. Deslapky tutluşyklarda belarusly we ukrainaly türgenlerden üstün çykan ildeşimiz ýarym finalda özbegistanly Nemat Ýakubowdan ýeňildi we ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Şu ýyl Türkmen samboçylarynyň öňünde halkara ýaryşlaryň ençemesi, şol sanda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionaty hem bar.