Moskwanyň «Boks akademiýasy» klubynda şäheriň we Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk tutluşyklary geçirildi diýip, «Ýakutiýa sporty» neşiri habar berýär.

Bu tutluşyklar Türkmenistanyň ukrainaly tälimçi Wladimir Dworsowyň ýolbaşçylygyndaky ýygyndysynyň Moskwa şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçirildi. Milli ýygyndymyz bu ýerde Olimpiýa oýunlary ― 2020-ä ýollanma gazanmak üçin geçiriljek halkara ýaryşlara taýýarlanýar. Häzirki ýygyndy boks boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýeňijilerinden we netijeli çykyş eden türgenlerinden ybaratdyr.

Ýokary derejeli eminleriň alyp barmagynda geçirilen ýoldaşlyk tuluşyklary ýerli ýygyndynyň 8:6 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu çaklaňja ýaryşyň türkmen boksçulary üçin juda ähmiýetli tejribe mekdebi bolandygyny aýtmak gerek. Çünki moskwaly boksçularda baý tejribe bar, olar köp sanly halkara ýaryşlaryň ýeňijileri. Baş tälimçi bu tutluşyklaryň netijesinde milli ýygyndymyzyň wekilleriniň mümkinçiliklerini kesgitledi.

Türkmenistanyň boks ýygyndysynyň Russiýa Federasiýasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy dowam edýär.