Özbegistanyň Namangan şäherinde Merkezi Aziýanyň ýetginjek türgenleriniň gatnaşmagynda «Central Asia Regional Hopes and Cadet Week & Challenge» atly stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sebitleýin okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça halkar federasiýanyň (ITTF) Aziýanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis birleşigi (ATTU) bilen bilelikde geçirýän ýygnanyşygyna Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň türgenleridir tälimçileri gatnaşýar.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda awstriýaly tälimçi Dmitriý Lewenko, eýranly hünärmen Faraji Reza we Özbegistanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça milli federasiýasynyň wekili Said Mahmudow ýetginjek türgenlere ussatlyk sapaklaryny geçýär.

Türgenleşiklere biziň ýurdumyzdan Wepa Meredow, Ylýas Allanazarow, Yslambek Rozyýew, Alibek Jumanow, Bägül Begenjowa, Medine Nurgeldiýewa, Aýnur Berdiýewa we Gözel Gylyjowa gatnaşýar. Türgenlerimiziň baş tälimçisi Lidiýa Ahmedowa. Oňa Raşit Ahmedow ýardam berýär.

26 ― 27-nji dekabr günlerinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna onuň dowamyndaky ýaryşa 2008 ― 2009 we 2005 ― 2007-nji ýyllar aralygynda doglan türgenler gatnaşýar.