Türkmenistanyň woleýbol boýunça klublaýyn çempionaty üçünji tapgyryň duşuşyklary bilen Türkmenabat şäherinde dowam edýär. Jemi dört tapgyrdan ybarat bolan çempionatyň Jeýhun ýakasyndaky tapgyry 29-njy ýanwarda başlap, 3-nji fewrala çenli dowam eder.

Woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyna 10 topar gatnaşýar. Olar Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty», Migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär», Döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubynyň «Milli goşun», Goranmak ministrliginiň «Watançy», Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi hem-de Informatika we telekommunikasiýalar institutynyň «Kerwen» toparlarydyr.

Çempionatyň dördünji tapgyry Aşgabat şäherinde geçiriler. Şol tapgyrdan soňra ýeňiji bolan topar yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.