Köpetdag

5-nji martda Türkmenistanyň ýokary ligasynyň klublarynyň ýaşlar toparlarynyň arasynda futbol boyunça Türkmenistanyň birinjiligi başlandy.

Gökjedäki (Aşgabat şäheri) sport toplumynyň futbol meýdançasynda geçirilen birinji oýunda  «Köpetdag-II» (Aşgabat şäheri) bilen «Energetik-II (Mary şäheri) duşuşdylar.

Paýtagtly futbolçylar özleriniň ökdeligini subut etdiler. Oýun onçakly köp bolmadyk tapawut bilen — 1:0 hasabyna ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Garşydaşlarynyň derwezesine ýeke-täk pökgini Arslan Ýollyew urdy.